Adalat we ösüş partiýasynyň Dijle etrap bölüminiň başlygy Aktert ýaragly hüjümde ýogaldy

Aktert terrorçylar tarapyndan ot açylmagy sebäpli ýogaldy

586859
Adalat we ösüş partiýasynyň Dijle etrap bölüminiň başlygy Aktert  ýaragly hüjümde ýogaldy

Adalat we ösüş partiýasynyň Dijle etrap bölüminiň başlygy Derýan Aktert aýralykçy terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan guralan ýaragly hüjümde ýogaldy.

Düýn agşamara etrap merkeziniň çykalgasynda özüne degişli ýangyç bekedine baran Aktert terrorçylaryň ýaragly hüjümine sezewar boldy.

Aktert terrorçylar tarapyndan ot açylmagy sebäpli ýogaldy.

Hüjümden soň terrorçylaryň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.

Adalat we ösüş partiýasynyň Dijle etrap bölümiň başlygy Aktertiň iş ýerine geçen ýyl hem terrorçylar tarapyndan hüjüm guralypdy.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary Mehdi Eker partiýanyň welaýat we etrap bölümleriniň başlyklarynyň ozal hem birnäçe gezek şuňa meňzeş hüjümlere sezewar bolandygyny ýatlatdy.

Mehdi Eker terror guramasy PKK-a garşy göreşiň dowam etjekdigini aýratyn belledi.

 



Degişli Habarlar