“Geljegiňiz bar bolsa, görjegiňiz hem bar”

Premýer ministr Binali Ýyldyrym ikinji agdarlyşyk synanşygy baradaky gürrüňleri göz öňünde tutup: “Geljegiňiz bar bolsa, görjegiňiz hem bar” diýip nygtady

“Geljegiňiz bar bolsa, görjegiňiz hem bar”

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy we Premýer ministr Binali Ýyldyrym Ak partiýa Ýaşlyk gollary dabarasynda eden çykyşynda: “Hyýanatçylar milletiň ygtyýarynyň öňünde gysga wagta diz çökendigine şükür edýärin. Mundan soňky wagt bulary saplamak wagtydyr. Döwletiň içinden, söwdanyň, syýasatyň içinden, her ýerden bu dönükleri soguryp aýyrarys. Hiç kim zyýan çeken hökmünde bolan bolmasyn. Milletiň horluk çekenini görmediksiräp, FETÖ-jilere eýe çykyp, ezilensireýänler hiç wagt bu millet tarapyndan kabul edilmez” diýdi.

Ýyldyrym döwlet edaralaryndaky FETÖ bilen baglanşykly geçirilýän derňew barada bolsa: “Ýaşyl bilen gury bir ýanmaz. Ar almak duýgusy bilen dälde, adalat bilen hereket ederis” diýip belledi.


Etiketkalar: Binali Ýyldyrym

Degişli Habarlar