“Halk garşylyk görkezmesedi Türkiýe daşary ýurt güýçler tarapyndan basylyp alynardy”
Ömer Çelik Adalat we ösüş partiýasynyň Adana welaýatyndaky baýramçylyk çäresine gatnaşdy
ÝB ministri we Türkiýäniň adyndan ÝB boýunça gepleşikleri alyp baryjy Ömer Çelik Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygyna halk tarapyndan garşylyk görkezilmesedi, Türkiýäniň daşary ýurt güýçler tarapyndan basylyp alynjakdygyny belledi.
Ömer Çelik Adalat we ösüş partiýasynyň Adana welaýat müdürligi tarapyndan Pozanty etrabynda geçirilen baýramçylyk dabarasyna gatnaşdy.
Terror guramalary PKK we FETÖ garşy geçirilýän derňew işiniň çäginde wezipelerinden çetleşdirilen 28 häkimiň ýerine bellenen ynamly dolandyryjylar barada söz sözlän Ömer Çelik: “Näme üçin ynamly dolandyryjylar şol wezipä bellenýär? Wezipesinden çetleşdirilenleriň käbiri öz wezipesini FETÖ peşgeş berýär, beýleki bir bölegi bolsa PKK-a peşgeş berýär. Bu wezipe näme üçin size berildi? Döwlete we millete hyzmat ediň diýip berildi. Eger siz PKK-nyň ýa-da FETÖ-niň ynamly adamy bolsaňyz, şol wezipe eliňizden alynar we ol ýere döwletiň we milletiň ynamly adamlary bellener. Biz FETÖ-niň we PKK-nyň ynamly adamlaryna garşy göreş alyp barýarys” diýdi.
15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanyşygynyň üstünde hem durup geçen Çelik: “Ol agdarlyşyk synanyşygynyň beýleki agdarlyşyk synanyşyklayndan tapawudy bar. 1960-njy ýyldaky, 1971-nji ýyldaky we 1980-nji ýylda agdarlyşyklar hökümete garşy edilen agdarlyşyklardy, emma 15-nji iýuldaky ýaragly agdarlyşyk synanyşygy bütin döwleti ele salmaga, döwleti başga bir güýje bermäge synanyşylan daşary ýurt agdarlyşyk synanyşygydy. 15-nji iýulda agdarlyşyk synanyşygyna garşy döşüni gerenler, aslyna garanyňda bu ýurduň basylyp alynmagyna garşy döşüni gerenlerdir. Olar watany goradylar” diýip nygtady.