Baş ştab Ýewfrat galkany operasiýasy barada beýanat berdi

Siriýanyň Jerablus sebitindäki Ýewfrat galkany operasiýasy arkaly 845 inedörül km ýer gözegçilik astyna alyndy

Baş ştab Ýewfrat galkany operasiýasy barada beýanat berdi

Baş ştab tarapyndan berilen beýanata görä Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň terror guramasy DAEŞ başda bolmak bilen terror guramalayna garşy dowam etdirýän Ýewfrat galkany operasiýasynyň 20 gününde 516 ýere 2223 od açyldy.

Siriýanyň Türkiýe serhediniň golaýynda ýerleşýän Jerablus we Rai sebitlerinde gözegçilik uçuşlary we terrorçylara degişli ýerleri anyklamak işler dowam etdirilýär.

Gyssagly çykyp biljek nyşanalara garşy Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçarlar taýarlykly garaşdyrylýar.

Uçarmansyz howa ulaglary bilen gözegçilik uçuşlary ýerine ýetirilýär.

Hyzmatdaş güýçleri tarapyndan Baragitah diýip bilinýän Zeýtinlik sebitinde terror guramasy DAEŞ-e degişli 1 sany söweşjeň liniýa we 1 sany ok-däri ammar ýok edildi.



Degişli Habarlar