Baýden Ankarada saparda bolýar

Jo Baýden resmi saparynyň çäginde ilki Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine bardy

558497
Baýden Ankarada saparda bolýar
joe biden-yıldırım.jpg
joe biden-kahraman1.jpg

ABŞ-nyň Wise-prezidenti Jo Baýden Ankarada saparda bolýar.

Jo Baýden resmi saparynyň çäginde ilki Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisine bardy.

Baýden Mejlisiň başlygy Ismail Kahraman bilen duşuşdy.

Kahraman dost we hyzmatdaş ýurt ABŞ-nyň Wise-prezidenti Baýdene agdarlyşyk synanşygyndan soň guraýan duýgudaşlyk sapary sebäpli öz minnetdarlygyny bildirdi.

Baýden hem agdarlyşyk synanşygyna gynanç bildirýändigini nygtap, “Wakanyň ertesi güni bu ýerde bolmak islärdim. Öz esgerleriňiziň Mejlise hüjüm edendiklerini öwrenenimde şeýle gynandym. 11-nji sentýabrda ýurdumda başdan geçirlen wakalary ýatladym” diýdi.

Türkiýedäki demokratiýa ynam bildirýändiklerini aýdan Baýden “Türkiýe güçli ýurt, gatnaşyklarymyz dowam etmeli” diýdi.

Baýden metbugata ýapyk ýagdaýda geçen duşuşykdan soň Mejlisiň başlygy Kahraman bilen birlikde  Mejlisiň agdarlyşyk synanşygynda bombalan bölümlerine baryp gördi.

Mejlisiň ýykylan bölümlerine baryp gören Baýden “şeýle elhenç ýagdaý”diýip belledi.

 



Degişli Habarlar