Çawuşogly Hindistanda saparda bolýar

Çawuşogly resmi saparynyň çäginde ilki Hindistanyň Daşary  işler ministri Suşma Swara bilen duşuşdy

555047
Çawuşogly Hindistanda saparda bolýar

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Hindistanda saparda bolýar.

Mewlüt Çawuşogly resmi saparynyň çäginde ilki Hindistanyň Daşary  işler ministri Suşma Swara bilen duşuşdy.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Hindistanyň Prezidenti Muhammed Hamid Ensarı tarapyndan kabul ediler.

Çawuşoglynyň resmi saparynyň çäginde Türkiýe bilen Hindistanyň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Beýleki tarapdan Daşary işler ministri Çawuşogly düýn ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Çawuşogly bilen Kerri telefon söhbetdeşliginde Siriýada başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda pikir alyşdy.

 



Degişli Habarlar