Türk resmi wekiliýeti ilkinji maslahat üçin Russiýa gitdi

Üç taraplaýyn mehanizmiň ilkinji maslahaty düýn San Peterburgda geçirildi

550811
Türk resmi wekiliýeti ilkinji maslahat üçin  Russiýa gitdi

Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda daşary işler, milli howpsyzlyk we ýaragly güýçleriň wekilleriniň gatnaşmagyndaky üç taraplaýyn mehanizmiň ilkinji maslahaty düýn San Peterburgda geçirildi.

Prezident R. T. Erdoganyň bilen Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň 9-njy awgustda San Peterburg şäherinde bolan duşuşygyndan soň iki ýurduň arasynda Siriýa meselesinde üç taraplaýyn mehanizmiň döredilmegi hakynda karar kabul edilipdi.

Türk resmi wekiliýeti ilkinji maslahat üçin düýn Russiýa gitdi.

Izwestiýa gazetine beýanat beren Russiýanyň Döwlet dumasynyň Goranyş komitetiniň başlygynyň orunbasary Wiktor Wodolatskiý Moskwanyň maslahatda ilkinji nobatda Siriýa serkediniň ýapylmagy meselesini gün tertibine getirendigini nygtady.

 



Degişli Habarlar