Erdogan Russiýada saparda boldy

Prezident R.T.Erdogan 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Russiýa gurady

548793
Erdogan Russiýada saparda boldy

Prezident Erdogan 24-nji noýabrda rus uçarynyň türk howa giňişligini bozmagy sebäpli urlup düşürilmeginden bäri Russiýanyň Lideri Wladimir Putin bilen ilkinji duşuşyk bolmagy taýdan-da aýratyn ähmiýete eýe bolan saparda Konstrantinowski köşkünde mähirli garşylandy.

İki lider özara we toparara duşuşyklardan soň bilelikde beýanat berdiler.

Putin uçar meselesinden soň gatnaşyklaryň depgini gowşan hem bolsa 15-nji iýuldaky agdarlyşyk synanşygyndan soň Erdogana ilkinji bolup telefon edenlerden biridigini nygtap: “Şu günki günde-de Russiýa hoş geldiňiz! Özara gatnaşyklarymyz barada pikir alyşmak üçin döreden pursadyňyz üçin sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan bolsa iki ýurduň arasynda onsuz hem kadalaşmaga başlan gatnaşyklaryň ediljek täze başlangyçlar bilen hasam ösjekdigini aýtdy.

15-nji iýulda Putiniň özüne telefon etmegine hoşallyk bildiren Erdogan, geçirilen gepleşikleriň sebitleýin meseleleriň çözülmegine-de goşant goşjakdygyny nygtady.

Erdogan: “Sebit syýasy taýdan bizden uly tamasy bar” diýdi.

 



Degişli Habarlar