“15-nji iýulda diňe agdarlyşyk synanyşygy bolmady, Türkiýe basylyp alynmak islendi”

Wise-premýer Numan Kurtulmuş 15-nji iýulda diňe agdarlyşyk synanyşygynyň bolmandygyny, Türkiýäniň basylyp alynmak islenendigini mälim etdi

549161
“15-nji iýulda diňe agdarlyşyk synanyşygy bolmady, Türkiýe basylyp alynmak islendi”

Bu sözleriň köpeldilip aýdylýandygyny pikir edýän adamlaryň bardygyny bellän Kurtulmuş: “Yragyň bölek-bölek bolmagy, Yrakdaky şol etabyň başlamagyndan 20 aý soňra boldy. Siriýa 18-19 aý soň şu günki Siriýa ýagdaýyna geldi” diýdi.

Numan Kurtulmuş hususy telewideniýeleriň birine gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri barada beýanat berdi.

Türkiýe Respublikasynyň taryhynyň iň garaňky, iň kyn döwründen geçendigini bellän Wise-premýer Kurtulmuş: “Ýurdymyz anyk aýtmak islense kert gaýanyň ýanyndan öwrüldi. Mundan beýläk golaýda Türkiýede agdarlyşyk synanyşygynyň ýa-da şuňa meňzeş meýilleriň boljakdygyny ynanamok” diýip belledi.

Entege çenli agdarlyşykçylaryň 216-synyň gaçgak ýagdaýyndadygyny ýatladan Kurtulmuş olaryň we hyzmatdaşlarynyň adamlaryň janyna kast etmek, kiber hüjüm, ykdysadyýete ýaramaz täsir ýetirmek ýaly hereketleri edep biljekdiklerine ünsleri çekdi.

Numan Kurtulmuş bular ýaly hereketlere garşy döwletiň ähli organlary bilen birlikde taýardygyny belläp, Fetullahçy terror guramasynyň ähli agzalaryndan hasabatyň soraljakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar