“Eger kanun, hukuk bar bolsa ABŞ Güleni Türkiýä gaýtaryp berer”

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly eger kanun, hukuk bar bolsa ABŞ-nyň Fetullahçy terror guramasy Paralel döwlet ulgamynyň ýolbaşçysy Fetullah Güleni Türkiýä gaýtaryp berjekdigini belledi

546554
“Eger kanun, hukuk bar bolsa ABŞ Güleni Türkiýä gaýtaryp berer”

Antalýa welaýatyna baran Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Antalýa welaýatynyň häkimi Münir Karalogly bilen Serik etrabyndaky Çynaralty Demokratiýa meýdanynda raýatlaryň demokratiýa nobatyna gatnaşyp goldaw berdi.

Ynanan ýollarynda ahyryna çenli ýörejekdiklerini bellän Çawuşogly: “Bu dönükler, bu hyýanatçylar, bu watana, millete, baýdaga dönüklik edenler kime hyzmat edýärler? Olar özüni Pygamber, mahdi öýdýän, azgyn, ahlaksyz bir adama hyzmat edýär. Bularyň ýüpi kimiň elinde, bulary kim dolandyrýarka? Bütin dünýäde nädip bu derejede ýaýbaňlandylar” diýdi.

Daşary ýurtdaky hyýanatçylardan hen jogabyň soraljakdygyny nygtan Mewlüt Çawuşogly: “Daşary ýurtdakylary gidip getireris. Fetullahy hem Türkiýä getireris. Gresiýa gaçyp gitdiler, ýeriň aşagyna girdiler. Nirä girseňiz giriň, sizi ol ýerden çykararys we milletiň, şehitleriň hasabyny sizden sorarys” diýdi.

Milletiň ýazan taryhyny we dessanyny 100 ýyl soň hem okaljakdygyny, ýatlanjakdygyny aýdan Çawuşogly agdarlyşyk synanyşygyny garşy pozisiýa eýelemeýän günbatar ýurtlaryna nägilelik bildirdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly: “Awstriýa 22 gün bäri agdarlyşyk synanyşygyna goldaw berýän ýurt bolmak utanjy bilen ýaşabersin, bu millet eline bir sany ýarag hem alman, imany bilen, elleri bilen, döşi bilen agdarlyşygy ret etdi” diýdi.

Ýewropanyň keseliniň ýa aşa sagjy ýa-da aşa çepji bolmakdygyny aýdan Çawuşogly: “Sen öňi bilen öz ýurduňdaky radikallyga çözgüt tap, bu seň üçin hem howplydyr, adamzat üçin hem howplydyr” diýip belledi.



Degişli Habarlar