Kahraman: “Türkiýäniň ösüşiniň öňi alynyp bilinmez we bu birlik we jebislik dowam eder”

Türkiýäniň Beýik millet mejlsiniň başlygy Ismail Kahraman Türkiýäniň ösüşiniň öňüniň alynyp bilinmejekdigini we bu birligiň we jebisligiň dowam etjekdigini nygtady

539819
Kahraman: “Türkiýäniň ösüşiniň öňi alynyp bilinmez we bu birlik we jebislik dowam eder”

Milli ygtyýaryň TBMM-ne degişlidigini, ýaragly bir güýje, şahsyýete ýa-da gatlaga degişli däldiginiň subut edilendigini aýdan Ismail Kahraman: “Türkiýe bütin millet bolup harby agdarlyşygyň öňüni aldy, millet harby agdarlyşygy ýeňdi. Eline ýarag alanyň harby agdarlyşyk edip bilýän bir ýurtdan demokratiýa, harby agdarlyşyklara gapysyny ýapan bir ýurda öwrüldik” diýdi.

Kahraman we ýanyndaky wekiliýet Gölbaşyndaky Polisiýanyň ýöriteleşdirilen harby bölümine baryp gördüler.

TBMM-niň başlygy harby agdarlyşyk synanyşygynda şehit bolan adamlara Alladan rehnet, ýaralanan adamlara bolsa şypa diläp: “Bir betbagtlyk ýagdaýy boldy, emma öňi alyndy. Onuň öňüniň alynmagynda polisiýa gulllugynyň işgärleriniň gaýraty, batyrgaýlygy, watanperwerligi bar. Ählisine sag bolsun aýdýarys” diýdi.



Degişli Habarlar