Synanşyga FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly 8 müň 651 dönük gatnaşdy

Şolardan 1676-y esger, 1241-y bolsa harby talyp

538695
Synanşyga FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly 8 müň 651 dönük gatnaşdy

Baş ştab 15-nji iýuldaky hyýanatçylykly agdarlyşyk synanşygyna Fetullahçy terror guramasy- paralel döwlet ulgamy FETÖ/PDÝ bilen arabaglanşykly 8 müň 651 dönügiň gatnaşandygyny mälim etdi.

Şolardan 1676-y esger, 1241-y bolsa harby talyp.

Baş ştabyň ýolbaşçylary şol sanyň Türkiýäniň ýaragly güýçleriniň jemi hünärmen sanynyň 1,5 göterimine deň gelýändigine ünsi çekdi.

Agdarlyşyk gijesinde dönükler raýatlara garşy 35 uçar, 37 dik uçar, 74-i tank bolmak bilen jemi 246 sowutly ulag, 3 gämi we 3992 ýeňil ýarag ulandy.

 

 



Degişli Habarlar