Türkiýäniň Prezidenti Mýunhendäki hüjüm sebäpli gynanç bildirdi

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Germaniýanyň Mýunhen şäherinde guralan hüjüm sebäpli ýurduň Prezidenti Ioahim Gauka gynanç bildirdi

535983
Türkiýäniň Prezidenti Mýunhendäki hüjüm sebäpli gynanç bildirdi

Prezident Erdogan ýaragly hüjümiň aralarynda Türkiýäniň raýatlary hem bolan ençeme adamyň ýogalmagy we ýaralanmagy bilen netijelenmegi sebäpli gynanç bildirdi.

“Bu hyýanatçylykly hüjümi ýazgarýaryn we näletleýärin” diýen Erdogan: “Eýýäm ençeme ýyl bäri köp sanda terrorçylykly hüjüme sezewar bolan Türkiýe köp sanda raýatymyzyň ýaşaýan ýeri bolan Germaniýa gynanç bildirýär. Türkiýe dost we hyzmatdaş ýurt bolan Germaniýa bu kyn günlerde goldaw berýär. Hem milletimiň adyndan hem-de öz adymdan wakada ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we nemes halkyna çuňňur gynanç bildirýärin, ýaralanan adamlara bolsa tiz wagta sagalmaklaryny dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar