Putin Erdgana Harby agdarlyşyk synanyşygynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi

Iki lider öňümizdäki aýyň ilkinji hepdesinde ikiçäk duşuşyk geçirjekdiklerini bellediler

531127
Putin Erdgana Harby agdarlyşyk synanyşygynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi

Russiýanyň döwlet ýolbaşçysy Wladimir Putin Türkiýäniň Prezident R.T. Erdogana jaň edip harby agdarlyşyk synanyşygynda ýogalan adamlar sebäpli gynanç bildirdi.

Tertip-düzgüniň we asudalygyň ýaňadandan ýola goýulmagyny dilän Putin: “Türkiýede konstitutsiýadan daşary bular ýaly hereketler bolmaly däl” diýdi.

Rus lider Türkiýede saýlanan hökümetiň ýanyndadyklaryny belläp, Prezident Erdogana, maşgalasyna we türk halkyna geçdigi bolsun diýip dileg etdi.

Iki lider öňümizdäki aýyň ilkinji hepdesinde ikiçäk duşuşyk geçirjekdiklerini bellediler.



Degişli Habarlar