Milletiň Ýeňişi!

Milli ygtyýara garşy edilen harby agdarlyşyk synanyşygy milli ygtyýaryň batyrgaýlygy, başarjaňlygy we gaýduwsyzlygy bilen derbi-dagyn edildi!

531328
Milletiň Ýeňişi!

Türkiýäniň Prezidenti R.T. Erdogan Türkiýäniň jebisligine, bütewiligine we agzybirligine çydap bilmeýänleriň 15-nji iýuldaky döwleti ele salmak hereketiniň ýaragly aksiýa öwrülendigini belläp, wakanyň bolan gijesi eden çagyryşyna ýurduň çar tarapyndan ähli raýatlaryň gulak salmagynyň we köçelere çykmagynyň saýasynda Fetullahçy terror guramasynyň etmek islän ädimleriniň yzyna serpikdirilendigini ýatlatdy.

“Ähli raýatlarymyz köçelere çykyp olaryň taňky we topy bar bolsa, biziň hem imanymyz bar diýip, olara garşy çykdylar. Bu ýaş ýigitlerimiziň taňklaryň paletlarynyň aşagyna ýatmagy ýöne ýere däl. Ol bir imanyň aýratynlyklaryndandyr. Şony etdiler” diýdi.

TBMM-niň başlygy Ismail Kahraman millet bolup, ýek bolunandygyny balläp, muny edenleriň laýyk bolan jezalaryny aljakdyklaryny habar berdi.

Kahraman: “Bu bir terrordyr. Harby agdarlyşyk synanyşygy üstünlikli bolmady. Döwlet bu wakanyň ýurduň öz içindäki we daşary ýurtlardaky jogapkärlerini ýüze çykarar. Muny hukugyň çäginde ýerine ýetirer” diýdi.

Premýer ministr we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Binaly Ýyldyrym bolsa demokratiýa eýe çykan türk halkyna sag bolsun aýdyp: Ýyldyrym: “Gözlerine gan çaýylypdy. Akyl-huşlary ýerinde däldi. Emma şuny bilmeýärdiler. Milletiň öýüne degeniň eli ýanar. Entek 24 sagat geçmänkä elleri ýandy. Agdarlyşyga synanşanlar hiç haçan baýnamady. Mundan soň hem şeýle bolar. Hiç kim mundan soň milletiň ygtyýaryna el uzatmaga het edip bilmez” diýdi.



Degişli Habarlar