Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary kadalaşýar

Türk resmi wekiliýeti Russiýanyň çakylygyna laýyklykda Moskwa gidýär

Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary kadalaşýar

24-nji noýabrda başdan geçirlen uçar heläkçiligi sebäpli dartgynlaşan Türkiýe-Russiýa gatnaşyklary kadalaşýar.

Türk resmi wekiliýeti Russiýanyň çakylygyna laýyklykda Moskwa gidýär.

Medeniýet, Transport we İçeri işler ministrliginiň ýolbaşçylaryndan ybarat türk resmi wekiliýeti penşenbe güni Moskwa barar.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berlen beýanatda Türkiýeli we Russiýaly ýolbaşçylaryň 14-nji iýulda penşenbe güni Moskawada iki ýurduň arasynda syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklar hakynda pikir alyşjakdygy nygtaldy.

Maslahatda Russiýa bilen çarter uçar saparlarynyň ýaňadandan başlamagy üçin görülýän taýarlyklar, syýahatçylaryň howpsyzlygy üçin görüljek çäreler we syýahatçylyk pudagynda edilýän gatnaşyklaryň ösdürilmegi ýaly ugurlar ara alnyp maslahatlaşylar.

 


Etiketkalar: kadaly , dartgynlyk

Degişli Habarlar