Mardin welaýatynda bombaly hüjüm

Wakada jemi 3 adam ýogaldy

526132
Mardin welaýatynda bombaly hüjüm

Mardin welaýatynyň Sultan Şeýhmus etrapçasyndaky Jewizpynar žandarma birikmesine bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy.

Ilkinji maglumata görä 3 esger şehit boldy, asuda ilatdan hem 1 adam ýogaldy, 7 adam ýaralandy.

PKK-ly terrorçylar bomba ýüklenen ulagy partladanlaryndan soň birikmäniň içine ot açdylar.

Esgerleriň göni gazrşylyk görkezmeginden soň bolsa çaknyşyk ýüze çykdy. 

Çaknyşyk başlanyndan soň terrorçylar wakanyň bolan ýerinden gaçdylar, sebitde bolsa giň-gerimli operasiýa başladyldy. 

Hüjümden soň sebite köp sanda tiz kömek ulagy we goşmaça harby güýç ugradyldy.



Degişli Habarlar