PKK-a garşy ýurduň içinde we daşary ýurtda howa hüjümi guraldy

Gaçybatalga guralan howa hüjüminden soň terrorçylaryň çeken ýitgisi anyklanylýar

PKK-a garşy ýurduň içinde we daşary ýurtda howa hüjümi guraldy

Türkiýäniň ýaragly güýçleri aýralykçy terror guramasy PKK-a garşy ýurduň içinde we daşary ýurtda howa hüjümini gurady.

Düýn agşamara Diýarbakyryň Lije etrabynda guralan howa hüjüminde PKK-ly terrorçylara degişli gaçybatalga ot açyldy.

Gaçybatalga guralan howa hüjüminden soň terrorçylaryň çeken ýitgisi anyklanylýar.

Düýn gije Yragyň demirgazygynda ýerleşýan Sinat, Haftanin we Metina etrapçalaryna hem serhetaşa operasiýa guraldy.

Operasiýada terrorçylara degişlidi anyklanan 5 ýer nyşana alyndy.

Beýleki tarapdan Siriýanyň demirgazygynda Türkiýä hüjüm guramaga taýarlanandygyny anyklanan terrorçy topara garşy hüjüm guraldy.

Howa hüjümine hyzmatdaş güýçleri hem goldaw berdi.

Hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä DAEŞ-li 8 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

 

 



Degişli Habarlar