Mardinde hyýanatçylykly hüjüm guraldy

Hüjümde 1 polis gullukçysy şehit boldy, 2 adam ýogaldy

506569
Mardinde hyýanatçylykly hüjüm guraldy

Mardiniň Midýat etrabynda Içeri işler müdürligine bomba ýüklenen ulag bilen guralan hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 1 polis gullukçysy şehit boldy, 2 adam ýogaldy.

Hüjümde 30 adam hem ýaralandy.

Hüjüm sebäpli polis gullukçylarynyň umumy ýaşaýyş jaýyna zeper ýetirildi.

Hüjümden soň etraba goşmaça harby topar ugradyldy.

Etrapda geçen aý PKK-ly terrorçylar tarapyndan guralan bombaly hüjümde hem 3 esger şehit bolupdy.

Prezident R. T. Erdogan hüjüm hakynda Içeri işler ministri Efkan Aladan maglumat aldy.

Mardiniň welaýat häkiminiň orunbasary Erkan Çapar bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiren Prezident Erdogan wakalar bilen ýakyndan gyzyklanýar.

Premýer ministr Binaly Ýyldyrym hem hüjümiň terror guramasy PKK tarapyndan guralandygyny aýtdy.

 



Degişli Habarlar