Prezident Erdoganyň Gündogar Afrika sapary başlady

Prezident Erdoganyň ilkinji duralgasy Uganda boldy

Prezident Erdoganyň Gündogar Afrika sapary başlady

Prezident R. T. Erdoganyň üç ýurdy öz içine alýan Gündogar Afrika sapary başlady.

Prezident Erdoganyň ilkinji duralgasy Uganda boldy.

Prezident Erdogan kärdeşi Ýoweri Museweni tarapyndan Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylanar.

Iki kärdeş özara duşuşykdan soň toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk eder.

Prezident Erdogana Makerere uniwersiteti tarapyndan “hormatly doktorlyk” derejesi berler.

Prezident Erdogan Ugandaly kärdeşi bilen Türkiýe-Uganda işewürler maslahatyna gatnaşar.

Işewür adamlary bilen duşuşjak Prezident Erdoganyň Uganda guraýan sapary Türkiýeden Uganda Prezident derejesinde guralýan ilkinji sapar aýratynlygyna eýedir.

 


Etiketkalar: resmi sapar , ilkinji sapar

Degişli Habarlar