Çawuşogly şu gün Liwiýa gider

Sapar Liwiýanyň başdan geçirýan tapgyry taýdan möhüm ähmiýete eýe

500303
Çawuşogly şu gün Liwiýa gider

Çawuşogly Türkiýänin Liwiýada syýasy çözgüdiň tapylmagyna we halkara jemygýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Prezidentlik geňeşine berýän goldawy görkezmegi taýdan uly ähmiýete eýe bolan saparyň dowamynda Milli ylalaşyk hökümetiniň Prezidentlik geneşiniň başlygy Fatiz As Siraj we geňeşiň agzalary bilen duşuşar.

Çawuşoglynyň Milli ylalaşyk hökümetiniň daşary işler ministri Muhammed Saýýala bilen hem duşuşmagyna garaşylýar.

Ministr Çawuşoglynyň sapary bilen 2014-nji ýylda howpsyzlyk şertleriniň agyrlaşmagy sebäpli ýapylan Türkiýäniň Liwiýadaky ilçihanasynyň ýaňadandan açylmagy barada-da gepleşikleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Daşary işler ministrliginiň resmileri Türkiýäniň Liwiýadaky syýasy dartgynlygyň we ýaragly çaknyşyklaryň parahatçylykly ýollardan çözülmegi üçin taraplara çagyryş edýandigine, ähli syýasy toparlar bilen gatnaşyga uly ähmiýet berýändigine ünsi çekip, Çawuşoglynyň sapary bilen Türkiýäniň doganlyk Liwiýanyň halkyna Tripoliden Tobruga, Bengaziden Sabha we Kufra çenli ýanynda durýandygyny görkezjekdigini nygtaýarlar.

Saparda Türk Ýarym gyzylaý jemgyýetiniň azyk önümlerinden we derman serişdelerinden ybarat 10 tonna ynsanperwer kömegi Prezidentlik geňeşine gowşurylar.

Beýleki tarapdan saparyň dowamynda Liwiýanyň halkynyň gündelik isleglerinin kanagatlandyrylmagy üçin Türkiýäniň berjek goldawy barada pikir alyşylmagyna, şol çäkde hususy pudagyň goldaw bermeginde durmuşa geçirilip bilinjek esasy taslamalar barada Libiýanyň islegleriniň öwrenilmegi meýilleşdirilýär.

Saparyn dowamynda ýurduň ösüşine goşant goşýan türk potratçylyk firmalarynyň tamamlanmadyk 304 taslamasynyň Libiýanyň kesgitlejek iş meýilnamasyna we howpsyzlyk şertlerine görä dowam etdirilmegi hem nazarda tutulýar.

Türkiýe 2011-nji ýyldaky ynkylapdan soň Libiýanyň hökümetlerinin resmi isleglerine laýyklykda 804 polis gullukçysyna 8 aý, 299 esgere bolsa 14 hepde möhlet bilen tälim beripdi.



Degişli Habarlar