Çanakgalada daşary ýurtly 34 adam tussag edildi

Türkiýäniň Çanakgala welaýatynyň Aýwajyk etrabynyň suw giňişliginde bikanun ýollar bilen Gresiýanyň Lesbos adasyna gitmek islän daşary ýurtly 34 adam tussag edildi

Çanakgalada daşary ýurtly 34 adam tussag edildi

Alynan maglumata görä Behramgalanyň suw giňişliginde gözegçilik işlerini ýetirýän Kenarýaka howpsyzlyk gullugynyň işgärleri çiýşirilen gaýyklar bilen Lesbos adasyna ýola çykan bosgunlary gördi.

Işgärleriň guran operasiýasynda tussag edilen aralarynda zenanlar we çagalar bolan siriýaly, owganystanly, pakistanly, kamerunly, malili we kongoly 34 adam Küçükuýudaky porta getirildi.

Azyk we egin-eşik paýlanan daşary ýurtlylar soň bolsa Aýwajyk etrabyndaky Içeri işler müdürliginiň Daşary ýurtly raýatlar bölümine alynyp gidildi.


Etiketkalar: zenanlar , egin-eşik , azyk , Çanakgala

Degişli Habarlar