"Türkiýäniň DAEŞ-e kömek berýändigi subut edilen halatynda wezipämden çekilmäge taýar”

Çawuşogly Türkiýäniň terror guramasy DAEŞ-iň hüjümlerine biperwaý çemeleşýändigini öňe süren Lawrowa berk garşylyk görkezdi

"Türkiýäniň DAEŞ-e kömek berýändigi subut edilen halatynda wezipämden çekilmäge taýar”

 

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowa “DAEŞ meselesinde berk garşylyk görkezdi we Türkiýäniň DAEŞ-e kömek berýändigi subut edilen halatynda wezipämden çekilmäge taýar” diýdi.

Awstriýanyň paýtagty Wenada ABŞ-nyň we Russiýanyň ýolbaşçylygynda “Halkara siriýa goldaw toparynyň” maslahatynyň geçirilýän zalynda Çawuşogly bilen Lawrowyň arasynda diýseň täsin sözler aýdyldy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Türkiýäniň terror guramasy DAEŞ-iň hüjümlerine biperwaý çemeleşýändigini öňe süren Lawrowa berk garşylyk görkezdi.

Çawuşogly “Siz diýseň tejribeli diplomatlardan biri. Siz şeýle asylsyz garaýyşlara üns bermeli däl.Jenap Prezidentimiz hem açyk aýdyň görnüşde beýan etdi, men hem ýene-de bir gezek gaýtalaýaryn. Türkiýäniň DAEŞ-e kömek berendigi hakynda ýekeje subutnamaňyz bar bolsa men wezipämden çekilmäge taýar, subut edip bilmeseňiz hem sizi galan ömrüňizi myhmanym hökmünde Antalýada geçirmäge çagyraryn” diýdi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Lawrow bolsaÇawuşoglynyň sözlerini başyny ýaýkap tassyklady.



Degişli Habarlar