Çawuşogly Jon Kerri bilen duşuşdy

DAEŞ-e garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeli

Çawuşogly Jon Kerri bilen duşuşdy

Pikirdeş ýurtlaryň maslahatyna gatnaşmak üçin Fransiýanyň paýtagty Pariže giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly  iş saparynyň çäginde ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri bilen duşuşdy.

Çawuşogly bilen Kerri duşuşykda dost we hyzmatdaş ýurtlaryň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmelidigini belledi.

Daşary işler ministri Çawuşogly bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary  Kerri geljek hepde geçiriljek NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda bu meseläniň gün tertibine getirilmegi hakynda pikir alyşdy.

 

 



Degişli Habarlar