Türkiýäniň döwrebap uçarmansyz howa ulagy

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň uçarmansyz howa ulagy roketalar bilen geçirilen synagy üstünlikli ýagdaýda geçdi

481381
Türkiýäniň döwrebap uçarmansyz howa ulagy

Konýanyň harby howa bazasynda Baýraktar TB2 taktiki uçarmansyz howa ulagy düzümine integrirlenen Roketsan tarapyndan öndürilen MAM-L döwrebap ok-däri bilen bellenen nyşanalary doly we dogry ýagdaýda ýok etdi.

Baýraktar TB2 taktiki uçarmansyz howa ulagy synaglarda bellenen nyşanalary 8 kilometrden we 18 müň fut beýiklikden başarnykly ýagdaýda ýok etdi.

Batman welaýatynda ýerleşdirilen jemi 12 sany uçarmansyz howa ulagyndan ybarat Baýraktar TB2 taktiki uçarmansyz howa ulagy ulgamy ýurduň Ýaragly güýçlerine razwedka maksady bilen hyzmat berýär. Ulgam Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň düzümine goşulanyndan bäri ýagny 2015-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri işjeň ýagdaýda 2 müň 700 sagat ulanyldy.

Şunuň bilen birlikde ilkinji ýaragly synagyny geçeninden bäri ýagny 2015-nji ýylyň 17-nji dekabryndan bäri Baýraktar TB2 taktiki uçarmansyz howa ulaglarynyň döwrebaplaşdyrylmagy dowam edýär.



Degişli Habarlar