“Türkiýe bilen Eýran sebitimizi gurşap alan terrora garşy birlikde göreşmeli”

Eýranyň Prezidenti Ruhani Türkiýä guraýan resmi saparyny dowam etdirýär

472239
“Türkiýe bilen Eýran  sebitimizi gurşap alan terrora garşy birlikde göreşmeli”

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani Türkiýä guraýan resmi saparyny dowam etdirýär.

Hasan Ruhani Prezident kompleksinde Prezident R. T. Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Iki lider garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi

Özara duşuşykdan soň R. T. Erdogan bilen Hasan Ruhaniniň ýolbaşçylyk etmeginde Türkiýe bilen Eýranyň arasyndaky Ýokary derejeli hyzmatdaşlyk geňeşiniň 3-nji maslahaty geçirildi

Prezident R. T. Erdogan bilen Eýranly myhman kärdeşi Hasan Ruhani maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

Prezident R. T. Erdogan “Türkiýe bilen Eýran sebitara we halkara derejesinde esasy rol oýnaýan ýurtlar hökmünde sebitimizi gurşap alan terrorçylyga we messepçilige garşy birlikde göreşmeli" diýdi.

Prezident Erdogan “Ýurtlarymyz Siriýanyň we Yragyň başda durmagynda sebitimizde akýan ganyň durmagy we başdan geçirilýän krizisiň çözülmegi üçin durmuşa geçiriljek işlere öňbaşçylyk etmeli"diýip belledi.

Prezident Erdogan “Aramyzdaky syýasy dialogy güýçlendirmek bilen garaýyş tapawutlylygynyň ortadan aýrylmagy ilkinji nobatda ýurtlarymyzyň bähbidi taýdan diýseň möhüm. Şeýle hereket edilen halatynda sebitimizde başdan geçirilýän kynçylyklaryň öz aramyzda çözüljekdigine ynanýaryn. Sebitde esasy rol oýnaýan iki ýurt hökmünde bu meselede uly jogapkärçiligi öz üstümize almalydygymyzy bilýäris" diýdi.


Etiketkalar: #Eýran , #jogapkärçilik

Degişli Habarlar