YHG-nyň daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahaty geçirildi

Çawuşogly maslahata gatnaşmak üçin Stambula gelen kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirdi

469945
YHG-nyň daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahaty geçirildi

Stambulda ertir öz işine başlajak Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň 13-nji maslahatynyň öňüsyrasynda daşary işler ministrleri geňeşiniň maslahaty geçirildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly maslahata gatnaşmak üçin Stambula gelen kärdeşleri bilen özara duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklarda iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerildi.

Çawuşogly ilki Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Maliki bilen duşuşdy.

Mewlüt Çawuşogly özara duşuşykda Türkiýäniň Palestina goldaw bermäge dowam etjekdigini aýtdy.

Çawuşogly Bangladeşiň Daşary işler ministri Abul Hasan Mahmud Ali bilen hem duşuşdy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky maýa goýumlaryň artdyrylmagy, işewürler maslahatynyň geçirilmegi we bilelikdäki Ykdysady komissiýanyň döredilmegi meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Owganystanyň Daşary işler ministri Selahaeddin Rabbani bilen bolan duşuşykda hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar bilen birlikde terrora garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmeginiň ahmiýeti nygtaldy.

Daşary işler ministri Çawuşogly Maliniň we Gwineýanyň Daşary işler ministrleri bilen hem duşuşyk geçirdi.



Degişli Habarlar