“ABŞ Siriýa meselesiniň wehimine düşünmedi”

Premýer ministr A.Dawutogly Siriýa meselesiniň ilkinji etabynda ABŞ-nyň onuň wehimligine, göwrümine we Türkiýäniň aladalaryna ýeterlik derejede düşünmändigini aýtdy

469332
“ABŞ Siriýa meselesiniň wehimine düşünmedi”

Dawutogly Şanlyurfa welaýatynda hususy teleýaýlymlardan birinde ýaşlaryň soraglaryna jogap berdi.

Siriýada dowam edýän söweş we göç barasynda durup geçen Ahmet Dawutogly, ýurtdaky meselänin günsaýyn çykgynsyzlaşýandygyny nygtady.

Dawutogly gepleşikde Şanlyurfanyň duşmandan halas edilmeginde bar bolan agyr şertlerde edilen gahrymançylyk we pidakärlikdigini gürrüň berip, agzybirlik we doganlyk bilen gazanylan üstünlikleriň ähmiýetine ünsi çekdi.

Dawutogly: “İndi bizi ol ýa-da beýleki görnüşde bölmek isleýänler, Siriýadaky ody bizde tutaşdyrmak isleýänler bar. Ýaşlar, Şanlyurfanyň bu hekaýatyny aňyňyzdan, köňlüňizden çykarmaň. Azat edijilik göreşini başladanlaryň arasynda türkler, araplar, kürtler bardy. Olar mundan soň hem doganlarça ýaşalar" diýdi.

Talyplardan birinin käbir terrorçylykly hüjümlerinden soň sosial medianyň näme sebäpden çäklendirilýändigi baradaky soragyna jogap beren Premýer ministr Dawutogly, şeýle wakalardan soň wyždanlary ýaralaýan käbir ýazgylaryň goýulýandygyny nygtap, ýaşlara şolaryň ýerine özlerini goýmaklaryny teklip edip: “Dünýäniň çar tarapynda terror wakasy bolanda gözegçilikli gadagançylyklar goýulýar" diýdi. Parižde guralan hüjümi oňa mysal hökmünde getirdi.

Türkiýäniň elmydama ejir çekýänleriň ýanynda durýandygyny nygtan Premýer ministr: “Şu günki günde al baýdagymyzy gören somalili, palestinaly “Bu maňa wekilçilik edýär" diýýän bolsa, al baýdagyň astynda ýaşamak üçin ylgap Türkiýä gelýän siriýaly “Şu al baýdagyn astyna sygynaýyn" diýýän bolsa, müňlerçe kilometr alysdaky arakanly sapara baramda al baýdagy göterip, ogşap, alnyna sylýan bolsa, şol baýdak ýurduň abraýyny görkezýär" diýdi.

Konstitutsiýanyň täze teksti barada-da durup geçen Dawutogly: “Kellämde ýeke-täk zat bar, ol hem 12-nji sentýabr konstitutsiýany özgertmek" diýdi.



Degişli Habarlar