Dawutogly şu gün resmi sapar bilen Iordaniýa gider

Dawutogly Türkiýe-Iordaniýa işewür adamlary maslahatyna gatnaşar

458358
Dawutogly şu gün resmi sapar bilen Iordaniýa gider


Premýer ministr Ahmet Dawutogly şu gün resmi sapar bilen Iordaniýa gider.

Premýer ministr hökmünde Iordaniýa ilkinji saparyny gurajak Ahmet Dawutogly ýekşenbe güni İordan Şasy Abdullah 2-nji we Premýer ministri Abdullah An Musur bilen duşuşar.

Türkiýe-Iordaniýa işewür adamlary maslahatynda çykyş etjek Ahmet Dawutogly, Arap forumyna hem gatnaşar.

Premýer ministr Ahmet Dawutogly şeýle hem Türk hyzmatdaşlyk we utgaşyklyk gullugy TİKA-nyň İordaniýadaky wekilhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşar.



Degişli Habarlar