Içeri işler ministri Ala operasiýalar barada beýanat berdi

Içeri işler ministri Efkan Ala Günorta-gündogarda häzirki wagtda-da çukurlaryň, bariýerleriň we bombaly duzaklaryň bardygyny we ol ýerleriň entek dolulygyna saplanjakdygyny mälim etdi

449029
Içeri işler ministri Ala operasiýalar barada beýanat berdi

Türkiýäniň Içeri işler ministri Efkan Ala dowam edýän operasiýalar bilen baglanşykly beýanat berdi.

“Ýüksekowada, Şyrnagyň merkezinde we Nusaýbiniň käbir etrapçalarynda entegem çukurlar bar, bariýerler bar" diýen ministr Ala: “Şol sebäpli ol ýerler saplanar. Raýatlarymyzyň has asuda ýaşap bilmekleri üçin mümkiçilkiler dörediler" diýdi.

Operasiýalar başlamazdan ozal raýatlary habardar edendiklerini aýdan Efkan Ala: “Bir-iki gün öňünden, käwagt bolsa ýarym gün öňünden ýerli ýolbaşçylar operasiýalaryň geçiriljekdigi barada raýatlary dyuýdurýarlar. Taýarlyklar görüleninden soň operasiýalar geçiriliýär. Şyrnak welaýatynyň merkezinde we beýleki 2 etrabymyzda hem şu ýol bilen raýatlarymyz ýarym gün öňünden ýa-da 1 gün öňünden köçä çykmak gadagançylygy yglan edilip ýagdaý barada habardar edilerler" diýdi.



Degişli Habarlar