TÝG terror guramasy PKK-a garşy operasiýa gurady

Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň aýralykçy terror guramasy PKK-a agyr zarba salmagyny dowam etdirýär

TÝG terror guramasy PKK-a garşy operasiýa gurady

Diýarbakyryň Sur etrabynda we Şyrnagyň Idil etrabynda dowam edýän operasiýalarda ýene-de 22 terrorçy öldürildi.

Baş ştab operasiýalar barada maglumat berdi.

Operasiýalar barada berilen beýanatda Sur etrabynda 3, Idil etrabynda 19 bolmak bilen jemi 22 terrorçynyň öldürilendigi aýdylýar.

Şeýlelik bilen soňky geçirilýän operasiýada öldürilen terrorçylaryň sany Sur etrabynda 359-a, Idil etrabynda bolsa 113-e ýetdi.

Mundan başgada Siirt welaýatynda terror guramasy PKK- agza 1 terrorçy howpsyzlyk güýçlerine boýun egdi.



Degişli Habarlar