Türkiýe adamzat krizislerinde söýgi dilini tutuş adamzada öwreder

Kurtulmuş Türkiýäniň adamzat krizislerinde söýgi dilini tutuş adamzada öwretjekdigini aýtdy

439255
Türkiýe adamzat krizislerinde söýgi dilini tutuş adamzada öwreder

Wise-premýer Numan Kurtulmuş Türkiýäniň adamzat krizislerinde söýgi dilini tutuş adamzada öwretjekdigini aýtdy.

Numan Kurtulmuş Stambulda Hoja Ahmed Ýasawynyň ýogalan gününiň 850 ýyllygyna bagyşlanan çärä gatnaşdy.

Dünýäde adamzat krizisleriniň başdan geçirilýändigine ünsi çeken Kurtulmuş bosgunlary kabul etmekde ikirjiňlenýän ýurtlary tankyt etdi..

Numan Kurtulmuş her bosguny ýük hökmünde görmek bilen krizisiň çözülip bilinmejekdigini aýtdy.

Türkiýäniň bosgunlar meselesinde içgin hereket edýändigine ünsi çeken Kurtulmuş “Ahmed Ýasawydan ylham alýan bu halk 3 milliona golaý Siriýala we Yrakla gapysyny açdy" diýdi.

Sebitdäki hüjümleriň we basyşlaryň gysga wagtda bes edilmelidigini aýdan Wise-premýer Kurtulmuş, ABŞ-nyň we Russiýanyň zulumlaryň öňüni almak üçin ýeterlik derejede tagalla etmeýändigini belledi.

Ýaşlara hem ýüzlenen Numan Kurtulmuş, “Biz bu söýgi dilini mundan soň bütin adamzada öwrederis" diýdi.





Degişli Habarlar