Paýtagt Ankarada terrorçylykly hüjüm guraldy

Hyýanatçylykly hüjümde 28 adam ýogaldy

434788
Paýtagt Ankarada terrorçylykly hüjüm guraldy


Harby serwis ulagyna guralan hyýanatçylykly hüjümde 28 adam ýogaldy

Baş ştabynyň başlyklygynyň, Deňiz, howa we gury ýer güýçleriniň serkerdeliginiň, harby işgärleriň umumy ýaşaýyş jaýynyň, TMMM-niň, Premýer ministrligiň merkezi jaýynyň we İçeri işler ministrliginiň 200 metr golaýynda terrorçylykly hüjüm guraldy.

Harby işgärleri alyp barýan serwis ulagy gyzyl çyrada garaşýarka bomba ýüklenen ulag bilen hüjüm guraldy.

Bombaly ulagyň ýarylmagy sebäpli 2 serwis ulagy ýandy.

Hökümetiň metbugat geňeşçisi Numan Kurtulmuş partlamada 28 adamyň ýogalandygyny, 61 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Baş ştab hüjümde ýaralanan 61 adamdan 30-nyň bejergisinden soň öýüne gaýdandygyny, 31 ýaralydan 8-niň Gülhane harby hassahanasynda, 23 ýaralynyň hem beýleki hassahanalarda bejergi alýandygyny mälim etdi.

Hüjümden soň gozgalan giň gerimli derňew işi dowam edýar.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümiň golaýyndaky howpsyzlyk kameralaryndan hüjümde ulanylan ulagyň döwlet belgisini anyklady.

Hyýanatçylykly hüjüm sebäpli Prezident R. T. Erdogan şu gün Azerbaýana, Premýer ministr Ahmet Dawutogly Belgiýa gurajak saparyny goý bolsun etdi.



Degişli Habarlar