Ankarada partlama boldy

Wakanyň bolan ýerine köp sanda tiz kömek ulagy ugradyldy

434634
Ankarada partlama boldy

Ankaranyň Inönü köçesini Dikmen köçesini birikdirýän Merasim köçesinde işgärleri daşaýan awtobusyň geçýän wagty partlama boldy.

Wakanyň bolan ýerine köp sanda tiz kömek ulagy ugradyldy.

Partlamanyň awtobusa garşy guralan hüjüm sebäpli bolandygy mälim edildi.

Ýangynyň dowam edýän ýerine köp sanda tiz kömek ulagy ugradyldy.

Ankaranyň Gubernatory Mehmet Kylyçlar awtobuslaryň geçýän wagty partlamanyň bolandygyny, ilkinji kesgitlemelere görä 5 adamyň ýogalandygyny, 10 adamyň ýaralanandygyny, partlamanyň bomba ýüklenen ulag bilen guralandygyny çak edýändiklerini belledi.

Premýer minstr Ahmet Dawutogly şu gün agşam meýilleşdiren Belgiýa saparyny goý bolsun etdi.

Türkiýäniň Beýik millet mejlisinde hüjüm bilen baglanşykly beýanat beren Adalat ministri Bekir Bozdag: “Terorçylykly hüjümi, hüjümçileri, hüjüm etdirenleri berk ýazgarýarys, ähli terrory we terrorçylykly hüjümi ýazgarýaryn" diýdi.

Beýleki tarapdan Radio telewideniýe guramasy tarapyndan Ankaradaky partlama bilen baglanşykly ýaýlym gadagançylygyny girizdi.



Degişli Habarlar