Türkiýe 9 şehidi üçin ýas tutýar

Wakalarda 2 esger we 1 polisiýa işgäri ýaralandy

429904
Türkiýe 9 şehidi üçin ýas tutýar

Şyrnakda düýn gije polis toparyny alyp barýan ulaga guralan roketaly hüjümde polisiýa gullugynyň 1 işgäri şehit boldy, 1-i ýaralandy.

Şäheriň Idil etrabynda Siriýa serhedinden Türkiýä geçmäge synanyşan takmynan 10 adamdan ybarat PKK-ly terrorçylar bilen olary gören esgerleriň arasynda ýüze çykan çaknyşykda 1 esger şehit boldy, 1-i kapitan çinli 2-si seržant çinli jemi 3 adam ýaralandy.

Etrapda 1-nji fewralda PKK-ly terrorçylaryň bombaly hüjüminde ýaralanan polisiýa gullugynyň işgäri Taýfun Ýüje bilen şol gün Diýarbakyryň Sur etrabynda ýaralanan seržant Hasan Talaý bejergi alýan Gülhane harby lukmançylyk akademiýasynda düýn şehit boldylar.

Şyrnak welaýatynyň Uludere etrabynda bolsa 3 polisiýa işgäriniň münen ulagynda partlama boldy. Partlamada Ahmet Artty we Diýar Oslu şehit boldy, Abdülkerim Oslu ýaralandy.

Şyrnak welaýatynyň Jizre etrabyndaky ýaragly çaknyşykda-da polisiýa işgäri Osman Ýurt we Wedat Dolançaý şehit boldy.

Wakalarda 2 esger we 1 polisiýa işgäri ýaralandy.

Soňky ajy habar bolsa Diýarbakyryň Sur etrabyndan geldi. Sur etrabynda PKK-a agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde ýaralanan 1 esger alynyp gidilen hassahanasynda şehit boldy.



Degişli Habarlar