Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Katara gitdi

Erdogan ýokary dereceli strategik hyzmatdaşlyk komitetiniň birinci maslahatyna gatnaşar

397347
Prezident R. T. Erdogan resmi sapar bilen Katara gitdi

Prezident Erdogan şu gün paýtagt Dohada Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamad Ali Sani tarapyndan resmi dabara bilen garşylanar.
Prezident R. T. Erdogan Kataryň Emiri bilen 2014-nci ýylyň 19-ncy dekabrynda Ankarada baglaşylan ylalaşyk teswirnamasyna laýyklykda döredilen Türkiýe bilen Kataryň arasyndaky ýokary dereceli strategik hyzmatdaşlyk komitetiniň birinci maslahatyna gatnaşar.
Prezident Erdogan Kataryň Emiri Al Saniniň hormatyna bercek günorta naharyna we Ýunus Emre medeniýet merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşar.
R. T. Erdogana Katar uniwersiteti tarapyndan “Hormatly doktorlyk” derecesi berler.
Erdoganyň saparynyň çäginde Halkara Doha uniwersitetinde açylcak kitap sergisine hem baryp görmegine garaşylýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar