Terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Hakkari, Şyrnak we Diýarbakyr welaýatlarynda geçirilen operasiýalarda 13 terrorçy öldürildi

364604
Terror guramasyna garşy göreş dowam edýär

Baş Ştab tarapyndan berilen beýanatda Hakkaride we Şemdinlide geçirilen operasiýada 11 terrorçynyň, Şyrnakda we Diýarbakyrda geçirilen operasiýada bolsa 2 terrorçynyň öldürilendigi aýdylýar.

Diýarbakyr welaýatynyň Kojaköý etrabynda bolsa alynan maglumatdan soň elde ýasalan bomba ýok edildi.

Mundan başgada Kilisde Siriýadan Türkiýä bikanun ýollar bilen geçmäge synanyşan terror guramasy DAEŞ-e agza 2 adam saklandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar