Diýarbakyrda ýaragly hüjüm guraldy

PKK tarapyndan guralan ýaragly hüjümde kiçi ofiser bilen hünärmen ýefreýter şehit boldy

348389
Diýarbakyrda ýaragly hüjüm guraldy

Terror guramasy PKK tarapyndan guralan ýaragly hüjümde kiçi ofiser bilen hünärmen ýefreýter şehit boldy.
Diýarbakyr welaýatynyň Silwan etrabynyň Bahçeliewlet mähellesindäki öýlerinden işe gitmek üçin ýola çykan kiçi ofiser bilen hünärmen ýefreýter PKK-ly terrorçylaryň ýaragly hüjümine sezewar boldy.
Agyr ýaralanan kiçi ofiser bilen hünärmen ýefreýter halas edilip bilinmedi.
Hüjümi guran terrorçylaryň tussag edilmegi üçin giň gerimli operasiýa başladyldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar