13 ýer ýörite howpsyz zolak hökmünde yglan edildi

Hakkari we Batman welaýatlarynyň gubernatorlyklary tarapyndan beýanat berildi

376284
13 ýer ýörite howpsyz zolak hökmünde yglan edildi

Türkiýäniň Hakkari welaýatynda 5 ýer, Batman welaýatynda bolsa 8 ýer terrorçylykly wakalaryň artmagy sebäpli “Ýörite Howpsyz zolak” hökmünde yglan edildi.

Hakkary we Batman welaýatlarynyň gubernatorlyklary tarapyndan beýanat berildi.

Beýanatda ilatyň howpsyzlygyny üpjün etmek maksady bilen käbir ýerler wagtlaýyn ýörite howpsyz zolak hökmünde yglan edilendigi aýdylýar.

Şemdinlidäki we Çukurjadaky 5 zolaga 9-23-nji sentýabr aralygynda girmek gadagan edildi.

Batman welaýatynda bolsa Sason-Kozlukdaky we Hasankeýfdäki 8 ýer 2016-njy ýylyň 1-nji martyna çenli howpsyz zolak hökmünde yglan edildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar