Türkiýäniň Siriýa serhedinde 23 adam tussag edildi

Türkiýäniň Kilis welaýatynda Siriýadaky ýaragly çaknyşyklaryň bolýan ýerine gitmek islän daşary ýurtly 23 adam tussag edildi

323159
Türkiýäniň Siriýa serhedinde 23 adam tussag edildi

Ýurduň Howpsyzlyk güýçleri welaýatyň Elbeýli etrabynda Siriýadaky ýaragly çaknyşyklaryň bolýan ýerine gitmek islän aralarynda zenanlar we çagalar bolan 23 adamy tussag etdi.

Russiýanyň, Ukrainanyň, Indoneziýanyň, Gündogar Türkistanyň we Hytaýyň raýatlary bolan 23 adam terror guramasy DAEŞ-e goşulyşmak isländigi anyklandy.

Tussag edilenler saglyk gözegçiliginden geçirilenden soň, sorag-jogap edilmek üçin Polisiýa bölümine alynyp gidildi.

Adamlar kazyýetdäki işleri tamamlananyndan soň, öz ýurtlaryna ugradylmak üçin Içeri işler ministrliginiň Daşary ýurtly raýatlar bölümine ugradylar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar