Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda terrorçylykly hüjüm

Suruç etrabynda Amara medeniýet merkeziniň öňünde sagat 12 töwereklerinde uly partlama boldy

382815
Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda terrorçylykly hüjüm

Partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 28 adam öldi, 100-e golaý adam ýaralandy.
Partlama barasynda İçeri işler ministrliginden berilen beýanatda: “Adam pidalarynyň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi” nygtaldy.
Beýanatda: “Sebitdäki hassahanalarda 100-e golaý ýaraly raýatlarymyzyň bejergisi dowam edýär” diýilýär.
Partlama sebäpli golaýdaky binalara uly ýitgi emele geldi, hüjümden soň berk howpsyzlyk çäreleri görüldi.
Suruç etrabyndaky partlamadan soň Premýer ministrlikde ýörite topar döredildi.
Waka bilen bagly derňew işleri dowam edýärkä, hüjümiň kamikaze hüjümçisi tarapyndan guralandygy çak edilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar