Çawuşogly Gollandiýada saparda boldy

Daşary ýurtlarda saýlaw merkezleriniň açylmagy baradaky tehniki we hukuky işler dowam edýär

288997
Çawuşogly Gollandiýada saparda boldy

Gollandiýada saparda bolan Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly daşary ýurtlarda saýlaw merkezleriniň açylmagy baradaky tehniki we hukuky işleriň dowam edýändigini aýtdy.
Çawuşogly Senagatçylar we işewür adamlary jemgyýetiniň Gagada geçirlen maslahatyna gatnaşdy.
Ministr Çawuşogly maslahatyň çäginde Gollandiýada iş alyp barýan türk işewür adamlary bilen birlikde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Mewlüt Çawuşogly maslahatda eden çykyşynda Türkiýedäki saýlawlarda daşary ýurtlarda ýaşaýan türk raýatlarynyň ses berip bilýändigini ýatlatdy.
Çawuşogly “Emma siz “biz geljekki saýlawlarda indi saýlaw merkezleriniň açylmagyny we göniden Ankara halk deputatyny ugratmak isleýäris” diýýärsiňiz”. Mesele barasyndaky tehniki we hukuky işler dowam edýär. Geljekki saýlawda Gollandiýadan, Germaniýadan we Ýewropanyň beýleki ýurtlaryndan raýatlarymyz öz halk deputatlaryny saýlap Ankara ugradar” diýdi.
Daşary işler ministri Çawuşgoly Ýewropada iş alyp barýan türk işewür adamlarynyň ýaşaýan ýurtlarynyň ykdysadyýetlerine uly goşant goşýandygyna ünsi çekdi.
Çawuşogly Gollandiýadaky işewür adamlaryny Türkiýede maýa goýmaga çagyrdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar