Mustafa Akynjy resmi sapar bilen Ankara geldi

Akynjyny Esenboga howa menzilinde Daşary işler ministri Çawuşogly garşylady

263493
Mustafa Akynjy resmi sapar bilen Ankara geldi

DKTR-nyň täze Prezidenti Mustafa Akynjy ilkinji saparyny Türkiýä guraýar.
Prezident Akynjyny Esenboga howa menzilinde Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly garşylady.
Akynjy saparynyň çäginde ilki Premýer ministr Ahmet Dawutogly bilen Çankaýa köşgünde duşuşar.
Atatürkiň aramgähine hem baryp görjek Prezident Akynjy Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň hormatyna berjek günorta naharyna gatnaşar.
Prezident R. T. Erdogan DKTR-nyň täze Prezidenti Akynjyny Prezident köşgünde resmi dabara bilen garşylar.
İki lider özara we toparara gepleşiklerden soň metbugata beýanat berer.
Prezident Erdogan DKTR-nyň Prezidenti Akynjynyň hormatyna resmi agşam naharyny berer.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar