Delilnamada "Terror guramasy" hökmünde häsýetlendirildi
Ankara şäher Prokuroturasynyň “Fethullahçy terror guramasyna” agzadygy sebäpli 4 sanysy polis 7 adam barada gozgan jenaýat işiniň delilnamasy kabul edildi
Delilnamada “Türkiýe Respublikasynyň döwletine parallalel “Jemagat döwletiniň” dördilendigi we şol guramanyň döwletiň häkimiýetini ele geçirmek üçin gizlin iş alyp barandygy baradaky deliller sebäpli başladylan derňew işinde: şeýle terror guramasynyň bardygy we maksady hakynda anyk delilleriň tapylandygy” nygtalýar.
“Jenaýatyň Parallel döwlet guramasy Terror guramasynyň adyna işlenendigi barasyndaky deliller we kesgitlemeler” söz başyly delilnamada: “Hökümetiň wagtyň geçmegi bilen terror guramasydygyna göz ýetirilen şol herekete garşy işe girişip, wezipä bellemek, wezipe ýerleriniň çalyşylmagy we jenaýatçylykly işlere goşulanlara garşy çetleşdirme ýoluny saýlap alandygy we adminstratiw çäreleri görendigine” üns çekilýär.
Delilnamada: “Şu delilnamada beýan edilýän jenaýatlaryň syýasy maksatlara ýetmek üçin terror maksatly, guramaçylykly dolanşyk tarapyndan edilen meýilleşdirilen we guramaçylykly jenaýatlar toplumydygy anyklandy” diýilip; “parallel döwlet ulgamy atlandyrylan şol guramanyň terror guramasydygy, zor we basyş ediji işleri göz öňünde tutulyp, terror guramasy hökmünde häsýetlendirilip bilinjekdigi anyklandy” diýilýär.
Degişli Habarlar
Türkiye, Çiliniň kararyna reaksiýa bildirdi
Türkiye, Çiliniň 1915-nji ýyldaky wakalary "genosid" hökmünde ykrar eden kararyna reaksiýa bildirdi
TRT-niň Ispan Dilindäki Digital Ýaýlymlary Başlaýar
Ertir TRT-niň Ispan dilindäki digital ýaýlym platformasy tanyşdyrlar