Türkiýe Keniýada uniwersitete guralan hüjümi ýazgardy

Keniýanyň Somali serhedindäki Garissa uniwersitetine düýn Aş Şababa agza terrorçylar tarapyndan guralan hüjümde ýogalanlaryň sany 147 adama ýetdi. Ýogalanlaryň esasy bölegi talyplardan ybarat. wakada 70-den gowrak talyp hem ýaralandy

Türkiýe Keniýada uniwersitete guralan hüjümi ýazgardy

Howpsyzlyk güýçleriniň köp sanly adamyň zamun alynan binasynda geçiren operasiýasynda partlaýyjyly žilet geýen 4 hüjümçi öldürildi.
Prezident R.T.Erdogan wakany berk ýazgardy.
Preziden Erdogan çap eden ýüzlenmesinde: “Türkiýe Keniýanyň halkynyň gam-gussasyny bölüşýär, hüjümi berk ýazgarýar we näletleýär” diýdi.
Türkiýäniň Afrika şahynda howpsyzlygy we durnuklylygy ýola goýmak ugrundaky tagallalary goldamaga dowam etjekdigini nygtan Erdogan: “Biz terroryň dininiň we milletiniň bolmajakdygy düşünjesine laýyklykda Keniýanyň halky hem-de hökümeti bilen gussaly günlerinde doly arkalaşýarys” diýdi.
Daşary işler ministrligi hem ýüzlenme çap edip, wakany ýazgardy.
“Ylym ojagyny we geljegimizi gurjak ýaşlary nyşana alan hüjüm terroryň rehimsizligini ýene-de bir gezek görkezdi” diýilýän beýanatda, “Şu çylşyrymly döwürde halkara jemgyýetçiliginiň Keniýa berýän goldawyny güýçlendirmegi iňňän möhüm” diýilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar