Erdogan Sloweniýa, Slowakiýa we Ruminiýa sapar gurar

Erdoganyň sapary şol ýurtlar bilen edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy taýdan diýseň möhüm

287165
Erdogan Sloweniýa, Slowakiýa we Ruminiýa sapar gurar

Prezident R. T. Erdogan mart aýynyň 30-y bilen aprel aýynyň 1-i aralygynda Sloweniýa, Slowakiýa we Ruminiýa sapar gurar.
Erdoganyň sapary şol ýurtlar bilen edilýän hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy taýdan diýseň möhüm.
Prezident R. T. Erdogan mart aýynyň 30-da duşenbe güni Sloweniýanyň Prezidenti Borut Pahor, mart aýynyň 31-de Slowakiýanyň Prezidenti Andrei Kiska, aprel aýynyň 1-de bolsa Ruminiýanyň Prezidenti Klaus İogannis bilen duşuşar.
Prezident Erdogan saparynyň çäginde ady agzalýan ýurtlaryň Premýer ministrlerini we Mejlisiň başlyklaryny hem kabul eder.
Gepleşiklerde syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň başda durmagynda iki taraply gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler seljerler, şeýle hem şol ýurtlar bilen edilýän gatnaşyklary güýçlendirjek şertnamalara gol çekişiler.
Türkiýäniň ÝB-ne agzalygyna goldaw berýän ÝB-ne agza üç ýurduň liderleri bilen geçiriljek gepleşiklerde agzalyk etaby hem gün tertibine getirler.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar