Liderleriň ýeňiş ýüzlenmesi

“Ýeňişiň 100-njy ýylynda şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýarys. Olaryň amanady biziň iň uly mirasymyz we jogapkärçiligimizdir”

Liderleriň ýeňiş ýüzlenmesi

18-nji mart Dardanel ýeňişiniň 100-njy ýyly we Şehitleri hatyralama güni mynasibetli liderler ýüzlenme çap etdi.
Prezident R. T. Erdogan ýüzlenmesinde “Dardanel ýeňişi şol döwrüň kynçylyklaryna garamazdan eziz halkymyzyň garaşsyzlygy, buýsanjy we watany üçin öz janlaryny pida edenleriň edermenligini görkezýän beýik ýeňişiň gazanylan günüdir” diýdi.
Premýer ministr Ahmet Dawutogly hem Adalat we ösüş partiýasynyň maslahatynda Dardanel dessany barda durup geçdi.
Dawutogly “Ýeňişiň 100-njy ýylynda şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýarys. Olaryň amanady biziň iň uly mirasymyz we jogapkärçiligimizdir” diýdi.
Jemhuriýet Halk partiýasynyň başlygy Kemal Kylyçdarogly bolsa “garaşsyzlygyň we azatlygyň simwoly, şehitleriň we weteranlaryň amanady bolan bu ýurdy gorap saklamak biziň esasy jogapkärçiligimizdir”diýip belledi.
Baş ştabyň başlygy goşun generaly Nejdet Özel hem 18-nji mart Dardanel ýeňişiniň 100-njy ýyly we Şehitleri hatyralama güni mynasibetli ýüzlenme çap etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar