Amerikaly ýolbaşçylar YSYS üçin Ankara gelýär

Allen bilen kömekçisi MakGurkyň Türkiýe bilen birlikde 4 ýurda sapar gurar

260393
Amerikaly ýolbaşçylar YSYS  üçin Ankara gelýär

Amerikaly ýolbaşçylar terror guramasy YSYS meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ankara gelýär.
ABŞ-nyň Prezidenti Barak Obamanyň terror guramasy YSYS-a garşy göreşde halkara güýçler boýunça ýörite wekili hormatly dynç alyşdaky general Jon Allen bilen kömekçisi Brett MakGurk ýaňadandan Türkiýä gelýär.
Hormatly dynç alyşdaky Allen bilen kömekçisi MakGurkyň Türkiýe bilen birlikde 4 ýurda sapar gurajakdygy nygtaldy.
Saparyna şu gün Rimden başlajak Allen bilen MakGurk Italiýaly we Watikanly ýolbaşçylar bilen terror guramasy YSYS-a garşy göreş barada pikir alyşar.
Italiýadan soň Türkiýä geljek Allen bilen MakGurkyň saparynyň çäginde terror guramasy YSYS-a garş göreş üçin döredilen halkara hyzmatdaş güýçleriniň tagallalary we Türkiýäniň hyzmatdaş güýçlerine goşýan goşandy we siriýaly oppozisionerlere tälim berilmegi ýaly meseleler seljerler.
Allen bilen MakGurk Türkiýeden soň Germaniýada we Belgiýada saparda bolar

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar