Türkiýäniň iň uly çadyr şäherçesi açyldy

“35 müň adam üçin niýetlenen dünýäniň iň uly we döwrebap çadyr şäherçesi Suruç etrabynda açyldy”

250420
Türkiýäniň iň uly çadyr şäherçesi açyldy

Şanlyurfa welaýatynyň Suruç etrabynda 35 müň adamlyk mümkinçilige eýe çadyr şäherçesinyň açylyş dabarasyna Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdogan gatnaşdy.
Açylyş dabarasynda Siriýaly çagalar halk tanslaryny ýerine ýetirdi.
Siriýaly bosgunlar Emine Erdogana uly gyzyklanma görkezdi.
Emine Erdogan açylyş dabarasynda eden çykyşynda “35 müň adam üçin niýetlenen dünýäniň iň uly we döwrebap çadyr şäherçesi Suruç etrabynda açyldy” diýdi.
Suruçdaky çadyr şäherçäniň bosgunlara hödürleýän mümkinçiliklerini gürrüň beren Emine Erdogan halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip “Halkara ynsanperwer kömek guramalary bilen birlikde bütin dünýä bu adamkärçilik synagyndan geçip bilmedi. Türkiýe bolsa hakyky myhmansöýerlik ruhy bilen bosgunlara kömek bermäge dowam edýär” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar