Türk taryhy taýdan möhüm simpozium geçirler

Kolumbiýa türk taryhy taýdan möhüm simpoziuma ýer eýeçiligini eder

209056
Türk taryhy taýdan möhüm simpozium geçirler

Kolumbiýanyň paýtagty Bogotadaky Externado uniwersiteti fewral aýynyň 10-12-si aralygynda türk taryhy taýdan diýseň möhüm simpoziuma ýer eýeçiligini eder.
Ankara uniwersiteti bilen birlikde geçiriljek “1915-nji ýyl Osman imperatorlygynyň iň uzyn ýyly” atly simpoziumda 12 ýurtdan Meksikadan, Kolumbiýadan, Kubadan, Wenesueladan, İspaniýadan, Bolgariýadan, Kanadadan, Türkiýeden, Perudan, Kosta Rikadan we Şiliden 22 doklatçy çykyş eder.
Ankara we Externado uniwersitetleriniň rektorlary Prof. Dr. Erkan İbişiň we Ýan Karlos Henaonyň çykyşy bilen açyljak simpozium I-nji jahan urşunyň Osman imperatorlygyna ýetiren täsirini nygtamak üçin geçirilýär.
Simpoziumyň açylyş we ýapylyş dabarasynda Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň “İki kelime” atly aýdym saz topary çykyş eder.

 

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar